Düýş syrlarynyň bu bölümünden soň ähli wakalaryň üst-üstüne geljekdigini, duýduryp özüňizi düýşdäki ady geçen duşman bilen garşylaşmaga taýýarlamagyňyzy haýyş edýärin. Öňümüzdäki bölümlerde onuň bilen tanyşarys.
Siziň üçin ol bölümden kiçijik sahna:
Titreýän demimi berenimde gözlerimi garşymda hereket edýän gara dumandan alyp bilmedim. Bu duman ýaňjak meni Garaksyzyň ýanyndan alanynda, ol meni goramak üçin hiç zat edip bilmändi.
-Sen kimsiň? - diýenimde sesim özüme nätanyş geljek dereje sowuk hem duýgysyzdy.
Gara duman bir pursat tolkun atmasyny saklap gülkä meňzeş ses etdi-de:
-Kimdigimi saňa indiki duşyşygymyzda aýdaryn, kiçijik şagyzym! Söz berýärin indiki gezek ýüz ýüze gelenimizde saňa ýüzümi görkezerin. Ýöne islegiňi amala aşyrmazlyk bolmaz, sebäbi bu biziň ilkinji duşyşygymyz. "
Menden baýlar gorksalarda garyplar gowy görüp umyt bilen ýoluma serederler. Agsakdyryn, tiz ýöräp bilmerin, emma barmaly ýerime ahyry bararyn." - diýeninden soň pyşydamany ýatladýan sesi bilen:
-Bu tapmaçany çözseň kimdigimi hem bilersiň, kiçijik şagyzym! Indiki duşyşygymyza çenli diri gal!
Siziň pikiriňizçe kim bu duşman? Semin oňa berilen tapmaçany çözmäni başararmy we başaraýan ýagdaýynda hem Garaksyzyň ejiz gelen duşmanyna garşy ýeňip bilermi?